Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni Londona amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy.
“Watan” habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, duşuşyga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem gatnaşdy.
Windzor galasynda geçirilen duşuşykda Patyşa Karl III türkmen halkynyň Milli Liderini aýratyn hormat bilen garşylady. Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.
Karl III 2015-nji ýylda Türkiýäniň Çanakkale ýadygärlikler toplumynda geçirilen çäreleriň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyny ýatlap, şol duşuşygyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny belledi.
Patyşa Karl III türkmen halkynyň Milli Lideriniň dünýäde uly abraý gazanan meşhur syýasatşynas we Arkadag hökmünde tanalýandygyny aýdyp, halkara giňişliginde uly abraýyň eýesi bolan Lider bilen duşuşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Patyşa Karl III-ä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Patyşa Karl III Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda Beýik Britaniýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Patyşa Karl III Ahalteke bedewleriniň dünýäde meşhur atlar hasaplanýandygyny aýdyp, geljekde iki ýurduň arasynda ahalteke atlarynyň üsti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge gyzyklanma bildirilýändigini belledi.
Şeýle hem Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine ahalteke türkmen bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Londana saparynyň çäklerinde Edinburgyň gersogy şazada Eduard bilen hem duşuşdy.

















