Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasynyň agzalaryny Türkmenistana gelmäge çagyrdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasynyň agzalaryny Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Patyşa Karl III bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 17-nji maýy, London, Beýik Britaniýa

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni Londona amala aşyran saparynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Patyşasy we Şazadasy bilen bolan duşuşyklarda Patyşa maşgalasynyň agzalaryny şu ýyl Türkmenistanda giňden belleniljek Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuna hem-de behişdi bedewler bilen bagly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Bu çakylyklar uly hormat bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen geçiren duşuşygynda mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Şazada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde geçirilýän çäreleriň guramaçylygynyň ýokary derejededigini belledi.

Şazada Edward tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde atçylyk bilen bagly çäreleriň ýokary derejede guralandygyny belläp, munuň üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda Şazada Edward Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen gürrüňdeş boldy. Oguljahan Atabaýewa behişdi bedewler arkaly, ippoterapiýanyň kömegi bilen ylmy esasda mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň geçirilýändigini aýtdy.

Şazada Edward şeýle tejribä uly gyzyklanma bildirdi we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-ä, şeýle hem Şazada Edwarda, onuň maşgalasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022