Türkmenistanda ýurduň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenilýär

BT
Türkmenistanda ýurduň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşýar, 2026-nji ýylyň 18-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halky duşenbe güni Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününi giňden belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir. Täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri milli mertebämiziň, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary bolsa ynsanperwerligimiziň dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň gursagymyzda Watana bolan milli buýsanjy oýaryp, täze şöhratly menzillere ruhlandyrýan Döwlet tugumyzda şekillendirilen bäş ýyldyz hem-de ýarymaý agzybirligimiziň we jebisligimiziň sarsmaz kepilligidir” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ähli welaýatlarynda aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022