Arkadag şäheri häzirki zaman tehnologiýalary bilen ekologiýanyň utgaşygynyň nusgasydyr

BT
Arkadag şäheri häzirki zaman tehnologiýalary bilen ekologiýanyň utgaşygynyň nusgasydyr
Bütindünýä şäherler forumynyň (WUF13) 13-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen liderler sammiti, 2026-njy ýylyň 18-nji maýy, Baku, Azerbaýjan (Surat: president.az)

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Bütindünýä şäherler forumynyň (WUF13) 13-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen liderler sammitinde Arkadag şäheriniň häzirki zaman tehnologiýalary bilen daşky gurşawa aýawly çemeleşmäniň utgaşygynyň nusgasyna öwrülendigini aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Derýageldi Orazowyň aýtmagyna görä, şäheriň gurluşygynda esasy maksat tebigy deňagramlylygy saklamak bilen şäherleşmegiň häzirki zaman nusgasyny döretmekden ybarat boldy. Arkadag şäheri diňe bir “akylly” tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin meýdança hökmünde bolman, eýsem ekologiýa ugrukdyrylan şäher taslamasy hökmünde hem ösdürilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň iň güneşli ýurtlarynyň biridigini belledi. Şol sebäpli Arkadag şäherinde bank düzümleri bilen bilelikde alternatiw energiýa çeşmelerini peýdalanmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.

Arkadag şäherinde çagalaryň durmuş taýdan goldanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýerde aýratyn idege mätäç çagalar üçin döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi işleýär. Şeýle hem şäherde dermanlyk ösümlikleri we ýerli çig mallary peýdalanmak arkaly lukmançylyk önümlerini öndürmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen lukmançylyk klasteri döredilýär diýip, Derýageldi Orazow aýtdy.

Arkadag şäheriniň resmi açylyşy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda geçirildi. Şondan bäri şäher halkara guramalarynyň 40-a golaý sertifikatyna mynasyp boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022