Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň direktory Irfan Ali duşenbe güni Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäherler forumynyň (WUF13) 13-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça forumda UN-Habitat-yň Aşgabatda taslama edarasyny açmak mümkinçiligine garaýandygyny aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi habar berdi.
Irfan Aliniň aýtmagyna görä, Stambulda ýerleşýän UN-Habitat-yň sebit edarasy Gündogar we Günorta Ýewropanyň 25 ýurdunda, Günbatar Balkan ýurtlarynda, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şeýle hem Russiýa we Türkiýede guramanyň işini utgaşdyrýar.
Häzirki wagtda UN-Habitat Kiýewde, Moskwada, Kosowoda we Baku şäherinde ýurt maksatnamalaryny durmuşa geçirýär. Gurama ýakyn wagtda taslama edarasynyň Aşgabatda hem işe başlamagyna umyt bildirýär.
Irfan Ali sebit ýurtlarynda, aýratyn-da onuň gündogar ýewropa böleginde, şäherleşme depginleriniň ýokarydygyny hem belledi.
UN-Habitat Birleşen Milletler Guramasynyň şäherleriň we ilatly ýerleriň durnukly hem-de ekologiýa taýdan howpsuz ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen maksatnamasydyr.

















