Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-da “Open World” maksatnamasyna gatnaşdylar

BT
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-da “Open World” maksatnamasyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Sidni Kamlager-Daw bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 18-nji maýy, ABŞ (Surat: Sidni Kamlager-Daw)

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ABŞ-nyň kanun çykaryjy edaralary bilen daşary ýurt parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen “Open World” maksatnamasynyň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň agzasy Sidni Kamlager-Daw bilen duşuşdylar. Bu barada Sidni Kamlager-Dawyň X sosial ulgamyndaky hasabynda habar berilýär.

Duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine, şeýle hem geçen ýyl geçirilen C5+1 sammitiniň netijelerine esasy üns berildi.

“Open World” maksatnamasy ABŞ-nyň Kongresiniň goldawy bilen amala aşyrylýar we Halkara liderlik merkezi tarapyndan dolandyrylýar. Bu başlangyç hünär we medeni alyş-çalşygy ösdürmäge, şeýle hem ABŞ bilen daşary ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022