Türkmenistanyň IIM-niň ýolbaşçysy “Merkezi Aziýa – Hytaý” duşuşygyna gatnaşdy

BT
Türkmenistanyň IIM-niň ýolbaşçysy “Merkezi Aziýa – Hytaý” duşuşygyna gatnaşdy
Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň "Merkezi Aziýa-Hytaý" formatyndaky ikinji duşuşygy, 2026-njy ýylyň 18-nji maýy, Astana, Gazagystan (Surat: akorda.kz)

Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşindäki ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşyga Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygy meselelerine garadylar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň hukuk goraýjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda ulag-logistika ugurlarynyň howpsuzlygy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda ählumumy söwda zynjyrlarynyň üýtgeýän şertlerinde ähmiýeti artýan Hazarüsti halkara ulag geçelgesi boýunça hem pikir alşyldy.

Gatnaşyjylar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge we hukuk goraýjy edaralaryň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022