Ýanwar-aprel: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy $3 milliarddan geçdi

BT
Ýanwar-aprel: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy $3 milliarddan geçdi
Konteýner terminallary (Surat: AA)

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 3 milliard 40 million 271 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär.

2026-njy ýylyň aprel aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 809 million 873 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Haryt dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa jemi 2 milliard 611 million 632 müň dollarlyk önüm iberdi. Şol bir döwürde Hytaýdan import edilen harytlaryň möçberi takmynan 428 million 640 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2 milliard 228 million 8 müň ABŞ dollaryndan geçdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС