Merkezi Aziýada dokalmadyk matalary öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan “Garagum” hojalyk jemgyýeti Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde 19–22-nji maý aralygynda geçirilýän “INDEX 2026” sergisinde özüniň iň täze işläp taýýarlamalaryny hödürleýär.
“Garagum” hojalyk jemgyýeti “INDEX” sergilerine ikinji gezek gatnaşýar. Mundan ozal kompaniýa öz önümlerini bu abraýly dünýä derejesindäki meýdançada 2023-nji ýylda üstünlikli tanyşdyrdy. “Garagum” kompaniýasynyň täze önümleri we giňeldilen ekspozisiýa bilen bu sergä yzygiderli gatnaşmagy onuň halkara derejesindäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini hem-de önümçilik tehnologiýalaryny yzygiderli kämilleşdirýändigini görkezýär.
Häzirki wagtda kompaniýanyň önümleri Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Rumyniýa we Merkezi Aziýanyň birnäçe döwletleri bilen birlikde 15-den gowrak ýurda eksport edilýär. Kompaniýanyň önümleri lukmançylyk, şahsy gigiýena, senagat we gaplama pudaklarynda giňden ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän her bir önüm halkara hil standartlaryna laýyklykda işlenip düzülýär we sarp edijileriň talaplaryna laýyk gelýär.
Kompaniýanyň halkara hil ülňülerine laýyklygy dört sany ISO şahadatnamasy bilen tassyklanýar. Olaryň arasynda lukmançylyk önümleri üçin hil dolandyryş ulgamynyň halkara standarty bolan ISO 13485 şahadatnamasy hem bar. Kompaniýanyň lukmançylyk önümçiligi ugrundaky ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň ygtyýarnamasy bilen resmi taýdan tassyklanandyr.

“Garagum” hojalyk jemgyýeti 2022-nji ýyldan bäri dokalmadyk matalar we ugurdaş pudaklaryň bähbitlerine wekilçilik edýän öňdebaryjy halkara birleşik bolan EDANA-nyň agzasy bolup durýar.
Kompaniýanyň sergi diwarlygynda “Arkadag Medical Cluster” haryt nyşany bilen hödürlenen önümler halkara myhmanlaryň we pudak hünärmenleriniň arasynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Görkezilen işläp taýýarlamalar “Garagum” kompaniýasynyň lukmançylyk ulgamynda öz mümkinçiliklerini maksada okgunly we ynamly giňeldýändiginiň, şeýle hem pudagyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwürdi.
“Garagum” kompaniýasynyň “INDEX 2026” sergisine gatnaşmagy diňe bir kompaniýanyň önümçilik mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we ýerli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen Türkmenistanyň eksport we senagat mümkinçilikleriniň artýandygyny hem tassyklady.
Habarlaşmak üçin:
Web sahypa: garagum.tm
Instagram: nonwoven_garagum
Salgy: Türkmenistan, Aşgabat, Atamyrat Niýazow köçesiniň Ruhabat ýaşaýyş toplumynyň 60-njy jay
Telefon belgi: +993 12 24-42-94
Elektron salgy: info@garagum.com

















