Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistana sapar bilen geler

BT
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistana sapar bilen geler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 17-nji iýuny, Astana, Gazagystan (Surat: cctv.com)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpine Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk hatyny ugratdy. Si Szinpin hem döwlet Baştutanymyzyň çakylyk hatyny kabul edip, öz gezeginde, jogap hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Siz uzak wagtyň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edýärsiňiz, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlugyň dowam etdirilmegine ägirt uly goşant goşýarsyňyz hem-de dürli möhüm ugurlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam edýärsiňiz. Men muňa ýokary baha berýärin” diýip, HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ugradan hatynda belledi.

“Türkmenistana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda ýurduňyza sapar bilen barmaga taýýardyryn. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleri bu mesele boýunça ýakyn aragatnaşykda bolup bilerler” diýip, Hytaýyň başlygy nygtady.

Si Szinpin Hytaý tarapynyň Türkmenistan bilen bilelikde gatnaşyklaryň täze aýdyň nusgalaryny döretmek we “Hytaý — Türkmenistan bitewi ykbal bileleşiginiň” mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda özara ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk täze many-mazmun esasynda baýlaşdyrylýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС