Türkmenistanyň çägindäki “Artyk” we “Garabogaz” gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işleri tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy çarşenbe güni habar berdi.
Halkara standartlaryna doly laýyk gelýän gurluşy bilen tapawutlanýan bu gümrük nokatlarynyň umumy çägi giňeldilip, olaryň ulag geçirijilik kuwwaty ýokarlandyryldy. Şeýle hem, birnäçe durmuş we tehniki maksatly binalar guruldy, öňden bar bolan desgalaryň durky düýpli täzelendi.
Şeýle hem gümrük nokatlary döwrebap barlag enjamlary bilen üpjün edilip, bu ýerde sanly ulgamlaryň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy bilen, gümrük serhedinden geçýän ulag serişdelerine we harytlara gysga wagtda ygtybarly gümrük gözegçiligini alyp barmak üçin amatly şertler döredildi.
Häzirki wagtda awtoulag serişdeleri üçin gümrük amallary sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýär. Bu bolsa, gümrük nokatlarynyň çäklerinde gümrük amallarynyň ýerine ýetirilmegi üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaldýar.
Habarda bellenilişi ýaly, degişli halkara guramasy tarapyndan geçirilen seljermelere laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýurdumyzda gümrük amallarynyň ýerine ýetirilmegi üçin sarp edilýän wagt sebit boýunça iň gysga wagt hökmünde hasaba alyndy.
Türkmenistanyň daşary söwda haryt dolanşygynda hem-de üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde “Artyk” we “Garabogaz” gümrük nokatlarynyň ähmiýeti uly hasaplanylýar. Şeýlelikde, döwrebaplaşdyrylan bu gümrük nokatlary, halkara ulag geçelgeleri boýunça ýurduň çäginden geçýän awtoulag serişdeleriniň ýük geçirijiliginiň çaltlandyrylmagyna, multimodal ulag geçelgeleriniň geçirijilik ukybynyň has-da ýokarlanmagyna uly itergi berýär.

















