Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti “Education World Forum 2026” Bütindünýä bilim forumyna gatnaşmak üçin Londona amala aşyran iş saparynyň dowamynda “OpenAI” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň çäklerinde ýurduň bilim ulgamynda emeli aňy (EA) ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Taraplar bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin emeli aňy peýdalanmak, şeýle hem okuwçylaryň, talyplaryň, mugallymlaryň we dolandyryş işgärleriniň arasynda emeli aň sowatlylygyny ösdürmek meselelerine aýratyn ünsi berdiler.
“OpenAI” kompaniýasynyň wekilleri “ChatGPT Edu” ýa-da şuňa meňzeş çözgütleri aýratyn bilim edaralarynda synag görnüşinde ornaşdyrmak mümkinçiligi barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda mugallymlary taýýarlamak, maksatlaýyn toparlary kesgitlemek, emeli aňy howpsuz peýdalanmak, maglumatlary goramak ýörelgelerini berjaý etmek meselelerine garaldy.
Şeýle hem taraplar geljekki taslamalara barlag bölegini goşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu bolsa emeli aňyň bilimiň hiline, okuwçylaryň başarnyklarynyň ösüşine we okatmagyň netijeliligine täsirini seljermäge mümkinçilik berer.
Hyzmatdaşlygyň indiki ädimleriniň hatarynda synag başlangyçlarynyň görnüşlerini öwrenmek, bilimde emeli aňy ulanmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem emeli aň ugry boýunça talyp bäsleşiklerini we beýleki amaly çäreleri guramak mümkinçilikleri bellenildi.
Bu duşuşyk emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak, sanly bilim seljermesi we geljekki zähmet bazary üçin hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanmanyň bardygyny tassyklady.

















