BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul etdi

BT
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul etdi
BMG-niň Baş edara binasy, Nýu-Ýork, ABŞ

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisiniň dowamynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup 47 döwlet çykyş etdi.

Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy we parahatçylyk meseleleri boýunça dialogy institutlaşdyrmak ugrundaky tagallalary aýratyn bellenilip geçilýär

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik bitarap döwlet hökmünde ählumumy we sebit derejesinde durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply bolan esasy we kesgitleýji şert hökmünde hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek hem-de birek-birege hormat goýmak gurşawyny döretmäge gönükdirilen amaly ädimleri mundan beýläk hem durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

2022