Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Forumy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow açdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Mejlise Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň premýer-ministrleri, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Ermenistanyň hökümet ýolbaşçylary hem-de wekiliýetleri, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.
Gatnaşyjylar ykdysady hyzmatdaşlyk, sanlylaşdyrma we ulag arabaglanyşygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem hökümet ýolbaşçylary 2030-njy ýyla çenli GDA-nyň kongres-sergi işiniň strategiýasyny, dag-magdan we metallurgiýa toplumynyň sanly özgertmeler konsepsiýasyny hem-de 2027–2030-njy ýyllar üçin Döwletara radionawigasiýa maksatnamasyny tassykladylar.
Mejlisde uran gazyp alýan önümçilikleriň işiniň netijesinde zyýan çeken çäkleri dikeltmek boýunça maksatnamanyň jemleri jemlenildi, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hemişelik ýaşaýan döwletlerine gaýtarylmagy baradaky ylalaşyga girizilen üýtgetmeler makullandy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Minsk 2027-nji ýylda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty, Karaganda bolsa 2028-nji ýylda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty diýlip yglan edildi.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi 2026-njy ýylyň dekabr aýynda Moskwada geçiriler.

















