Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidentini milli baýramy bilen gutlady

BT
Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidentini milli baýramy bilen gutlady
Italiýanyň Harby-howa güýçleriniň uçarlary Rimdäki "Wittoriano" taryhy ýadygärliginiň howa giňişligini baýramçylyk mynasybetli milli baýdagyň reňkleri bilen bezeýärler. (Surat: Aeronautica Militare)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellany Italiýanyň milli baýramy — Respublika gününiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella berk jan saglyk, bagtyýarlyk we alyp barýan işinde üstünlikleri, Italiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Italiýanyň Respublika gününiň 80 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda hem birnäçe medeni çäreler geçirilýär. Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda 3-nji iýunda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda “Festa della Musica” atly baýramçylyk konserti geçiriler. Konsertde italiýaly soprano Zoe Papas we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižory Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr çykyş eder. Şeýle hem Zoe Papas Maya Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapagyny hem geçirdi.

Italiýanyň Senatynyň (Senato della Repubblica) resmi maglumatlaryna görä, Italiýada Respublika güni 1946-njy ýylyň 2-nji iýunynda, ýurduň döwlet gurluşynyň görnüşini kesgitlemek boýunça geçirilen ählihalk referendumyndan soň yglan edildi. Şonda italýanlaryň köpüsi respublika gurluşyny goldadylar. Netijede şol ýyl Italiýanyň täze Konstitusiýasyny taýýarlamak işlerine başlandy we ol 1948-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda doly güýje girizildi.

2022