Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz iş sapary bilen Türkmenistana geler

BT
Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz iş sapary bilen Türkmenistana geler
Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz halkara saparlarynyň birinde (Surat: Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti)

Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak hem-de birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirmek maksady bilen 3-nji iýunda iş sapary bilen Türkmenistana geler. Bu barada “Anadolu” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Saparyň dowamynda Jewdet Ýylmaz Aşgabatda geçiriljek Dünýä Türk Işewürler Geňeşiniň (DTIK) mejlisine gatnaşar. Şeýle hem Türkmenistanyň  döwlet Baştutany we hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Türkiýäniň Wise-prezidenti “Turkmentextile Expo 2026”halkara sergisine hem baryp görer.

Jewdet Ýylmazyň 4-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşygy hem meýilleşdirilýär. Şol gün taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisini geçirip, onuň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmeklerine garaşylýar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda durnukly ösüşi görkezýär. Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,2 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Taraplar bu görkezijini geljek ýyllarda 5 milliard dollara çenli artdyrmagy maksat edinýärler.

2022
ENG TM РУС