Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped gününde köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped gününde köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Paýtagtyň günortasyndaky “Welosiped” binasynyň ýanyndan badalga alan sport çäresi iki müňden gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi diýip, Türkmenistanyň Habarlar portaly sişenbe güni habar berdi.

Köpçülikleýin ýörişe Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatlar, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Uzynlygy 11 kilometrden gowrak bolan ugur paýtagtyň merkezi şaýollarynyň üsti bilen geçip, Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.

Baýramçylyk mynasybetli Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki wagtda Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalara Gahryman Arkadagyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler sowgat berildi.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri daşary ýurtlarda hem geçirildi. Türkmenistanyň Russiýadaky, Saud Arabystanyndaky, Özbegistandaky, Gruziýadaky we Fransiýadaky diplomatik wekilhanalary, şeýle hem Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişlere talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri, diplomatlar we ýerli jemgyýetçiligiň agzalary gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellenilip geçilýär. Türkmenistan bu başlangyjy öňe süren ýurtlaryň biri bolup, soňky ýyllarda welosiped sportuny ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça halkara derejede birnäçe başlangyçlary durmuşa geçirýär.

2022
ENG TM РУС