Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Permana laýyklykda, Mekan Hümmedow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi. Mähriban Bagyýewa bolsa Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine bellenildi.
Aýjahan Ymamberdiýewa Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, şol bir wagtyň özünde kazyýetiň Prezidiumynyň düzümine girizildi. Ol mundan öň eýeleýän Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem Muhammet Alyýew Ak bugdaý etrap kazyýetiniň, Mekan Muhammetgurbanow bolsa Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, olara bäşinji hünär derejesi berildi.
Şatlyk Kozyýew Balkan welaýatynyň Etrek etrap kazyýetiniň, Orazmuhammet Saparmämmedow Lebap welaýatynyň Halaç etrap kazyýetiniň, Söhbet Hojamyradow Mary şäher kazyýetiniň hem-de Jeýhun Annagulyýew Tagtabazar etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi. Olaryň ählisine kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi.
Mundan başga-da, Maýsa Metgeldiýewa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine geçirilip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
Resminama laýyklykda, ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanandygy sebäpli Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy Leýla Kemalowa, Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy Dünýägözel Begjanowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy Meýlis Öwezow hem-de Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy Öwez Esenow wezipelerinden boşadyldy.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurduň howpsuzlygyny we hukuk tertibini üpjün etmek, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe çözgütler kabul edildi.

















