Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Medeniýet ministrini kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Medeniýet ministrini kabul etdi
Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimli, 2026-njy ýylyň 5-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi anna güni habar berdi.

Myhman azerbaýjan wekiliýetiniň türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunda doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň bu saparynyň dowamynda geçiriljek çäreleriň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Şeýlede taraplar soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky yzygiderli dialoglaryň we özara saparlaryň ähli ugurlar boýunça işjeňleşmegine ýardam berýändigini we Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem munuň aýrylmaz bölegi bolup durýandygynyň ähmiýetini nygtadylar.

Şu ýyl Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 5–7-nji iýun aralygynda geçiriler. Medeni maksatnama çeper filmleriň görkezilişini, Azerbaýjanyň edebi we çeper mirasyna bagyşlanan okuw sapaklaryny, şeýle hem birnäçe sergileriň tanyşdyrylyşyny öz içine alýar. Medeniýet günleriniň esasy wakalarynyň biri hökmünde Azerbaýjan sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler.

Şol gün Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimli Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy.

2022