“Türkmenistan” awiakompaniýasy Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeler sebäpli Aşgabat — Dubaý — Aşgabat hem-de Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlaryň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdi.
Awiakompaniýanyň berýän maglumatyna görä, bu çözgüt uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi. Çäklendirmeler bilen baglylykda, görkezilen ugurlar boýunça howa gatnawlary 2026-njy ýylyň 15-nji iýunyna çenli amala aşyrylmaz.
Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp ýa-da olary iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler. Munuň üçin ýolagçylara awiabilet satyn alan ýerlerine ýa-da “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň wekilhanalaryna ýüz tutmak maslahat berilýär. Şeýle hem awiakompaniýanyň resmi web sahypasy we onlaýn platformalary arkaly satyn alnan awiabiletler boýunça tölenen pul serişdeleri ýolagçylaryň töleg geçiren bank kartlaryna yzyna geçiriler.
Uçuşlar bilen bagly goşmaça maglumat almak üçin ýolagçylar “Türkmenistan”awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky we Dubaýdaky wekilhanalary bilen habarlaşyp bilerler. Munuň üçin Türkmenistanda +993 12 39-17-78, +993 12 23-03-15 we +993 12 23-03-18 telefon belgileri, şeýle hem info@turkmenistanairlines.tm elektron salgysy, Dubaýda bolsa +971 50 280 05 08 telefon belgisi hem-de ticket.mida@gmail.com elektron salgysy hyzmat edýär.

















