Aşgabatda 7–8-nji iýulda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

BT
Aşgabatda 7–8-nji iýulda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan kabul edişlikde, 2026-njy ýylyň 5-nji iýuny (Surat: Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi 7–8-nji iýulda Aşgabatda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan kabul edişliginde eden çykyşynda habar berdi.

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda duşuşygy geçirmäge degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Nökerguly Atagulyýewiň bellemegine görä, hökümetara topar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamaga hem-de olaryň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmaga giň mümkinçilik berýär.

Wise-premýer söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda ulag-logistika, energetika, oba hojalygy, senagat we täze tehnologiýalar ugurlarynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022