Türkmenistanly zenan telekeçiler Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde geçirilen “Women in Tourism – 2026” atly Merkezi Aziýanyň zenan telekeçileriniň syýahatçylyk pudagyndaky ornuna bagyşlanan III forumyna gatnaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi anna güni habar berdi.
Sebit ýurtlarynyň syýahatçylyk pudagynyň wekillerini, döwlet edaralaryny hem-de işewürlik toparlaryny bir ýere jemlän bu forum syýahatçylygy ösdürmek, hyzmatdaşlygy giňeltmek we zenan telekeçiligini goldamak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilikleri döretdi.

Forumyň dowamynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini has netijeli tanatmak meseleleri maslahatlaşyldy. Şeýle hem, zenan telekeçileriň syýahatçylyk pudagyny ösdürmekdäki möhüm orny we bu ugra goşýan goşandy aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň wekilleriniň foruma gatnaşmagy sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara tejribe alyşmaga hem-de ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini halkara derejede ilerletmäge ýardam berer.

















