Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşykda syýasat, ykdysadyýet, söwda hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýändigi bellenildi.
Taraplar bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ugurlarynda alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ABŞ-nyň 15-den gowrak bilim maksatnamalaryna gatnaşýandygy we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda 25 ýyldan bäri amala aşyrylýan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçiler gaznasy” maksatnamasynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Şeýle-de duşuşykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar we köpçülikleýin diplomatiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine hem garaldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem “C5+1” formatyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

















