Türkmenistanyň Prezidenti ýadro synaglarynyň gadaganlygy boýunça guramanyň ýolbaşçysyny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti ýadro synaglarynyň gadaganlygy boýunça guramanyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd, 2026-njy ýylyň 8-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: "Watan" habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Robert Floýd Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan we ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Şeýle hem ol CTBTO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň bu Şertnama ilkinjileriň hatarynda gol çekendigini aýdyp, munuň ýurduň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny nygtady. Şeýle hem ol Robert Floýdyň saparynyň dowamynda Şertnamanyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli sebitleýin maslahata gatnaşjakdygyny belläp, onuň geçirjek duşuşyklarynyň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Taraplar Türkmenistanyň CTBTO bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Şeýle hem ýurt tarapyndan ýadro synaglaryny gadagan etmek, ýadro ýaraglarynyň ýaýramazlygy we Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy ösdürmek boýunça kabul edilen halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilýändigi nygtaldy.

Şol gün Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Çärä Türkmenistanyň, Täjigistan we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary, şeýle hem Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

2022