Türkmenistan IDFC amerikan korporasiýasy bilen maliýeleşdirmek we ulag taslamalaryny maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan IDFC amerikan korporasiýasy bilen maliýeleşdirmek we ulag taslamalaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň wekilleriniň Kerolaýn Wikiň ýolbaşçylygyndaky IDFC wekiliýeti bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 9-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan, (Surat: Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi)

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek korporasiýasy (IDFC) ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hem-de bilelikdäki taslamalary maliýeleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi sişenbe güni habar berdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginde geçirilip, oňa Demirýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow, degişli hünärmenleri we ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek korporasiýasynyň syýasat meseleleri boýunça baş dolandyryjysy Kerolaýn Wikiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Maslahata sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Azat Şanazarow hem goşuldy.

IDFC-niň syýasat meseleleri boýunça baş dolandyryjysy Kerolaýn Wik türkmen tarapyna mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, korporasiýanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän Türkmenistan bilen ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öwrenmäge hem-de özara dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022