Türkmenistan bilen Gruziýa akademiki alyş-çalyşlary giňeltmegi maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Gruziýa akademiki alyş-çalyşlary giňeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 10-njy iýuny , Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Türkmenistan bilen Gruziýa talyplaryň we mugallymlaryň arasynda alyş-çalşygyny giňeltmek, akademiki ykjamlylygy ösdürmek hem-de bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meseleler Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen çarşenbe güni Tbliside geçiren duşuşygynda maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar bilim we ylym ulgamlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň häzirki meselelerine garadylar.

Şol gün türkmen ilçisi Gruziýanyň Halk goragçysy (Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy) Lewan Ioseliani bilen hem duşuşdy. Taraplar adam hukuklaryny goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garap, milli adam hukuklary mehanizmlerini kämilleşdirmek hem-de degişli edaralaryň arasynda tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar bilim, ylym, ýaşlar syýasaty we adam hukuklaryny goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС