Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan gününden bäri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýady häzirki wagtda ikitaraplaýyn gol çekilen 124 döwletara, hökümetara we pudagara resminamalary öz içine alýar.
Şeýle hem iki ýurduň Prezidentleriniň saparlarynyň we ýokary derejedäki duşuşyklarynyň hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy şert bolup durýandygy bellenildi. Şu güne çenli ýokary derejede resmi we iş saparlarynyň jemi 16-sy amala aşyryldy. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat, dokma we azyk senagaty ugurlarynda özara gatnaşyklar alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde bolsa iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda medeniýet, sungat, ylym, bilim we sport ugurlary boýunça dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.
Raşid Meredow häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görülýändigini we onuň netijeleriniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş goňşy döwletleriniň biridigini belläp, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmek babatda Wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

















