Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjana bardy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjana bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Baku şäherindäki Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde, 2026-njy ýylyň 22-nji iýuny (Surat: “Azertaс”/ Orhan Kerimow)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna bardy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Prezidentiň uçary Baku şäherindäki Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde döwlet Baştutanyny Azerbaýjanyň resmi wekilleri hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň bellemegine görä, sapar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.

Azerbaýjan Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş goňşy döwletleriniň biri bolup, iki ýurt söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022