Türkmenistan bilen Azerbaýjan zähmet we durmuş goraglylygy ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

BT
Türkmenistan bilen Azerbaýjan zähmet we durmuş goraglylygy ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow “DOST” merkeziniň işi bilen tanyşýar. 2026-njy ýylyň 22-nji iýuny, Baku, Azerbaýjan (Surat: “AZERTAC”)

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow Baku şäherine amala aşyran saparynyň çäginde "DOST" merkeziniň işi, "DOST" konsepsiýasy hem-de sanly döwlet hyzmatlary bilen tanyşdy. Bu barada “AZERTAC” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Merkeziň işi bilen tanyşlykdan soňra Muhammetseýit Sylapow Azerbaýjanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Anar Aliýew bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ähmiýetini bellediler. Resminama yzygiderli dialogy ýola goýmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hukuk binýadyny döredýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar durmuş ätiýaçlandyryş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, hyzmatlary sanlylaşdyrmak, hünär taýýarlygy we hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksatnamalaryny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, iş bilen üpjünçilik maksatnamalary, pensiýa ulgamyny ösdürmek we goldawa mätäçlere ýardam bermek ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar duşuşygyň ahyrynda pensiýa üpjünçiligi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanandygyny bellediler. Muhammetseýit Sylapow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynda tejribe alyşmaga türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС