Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherindäki metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherindäki metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň taslamasy bilen tanyşýarlar. 2026-njy ýylyň 23-nji iýuny, Fizuli, Azerbaýjan (Surat: "AZERTAC")

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjana döwlet saparynyň ikinji gününde Fizuli şäherine baryp, bu ýerde Türkmenistanyň Azerbaýjana ynsanperwer sowgady bolan metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Fizuli şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew garşy aldy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde metjidiň gurluşyk meýdançasyna baryp gördüler.

Metjidiň gurluşygyna 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanyň Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda badalga berilipdi. Taslama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär, gurluşyk işleri bolsa “Aga-Gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.

Metjit toplumy 500 adama niýetlenen metjitden, 250 orunlyk sadaka jaýyndan we tärethanadan ybarat bolar. Resmi maglumatlara görä, taslama türkmen-azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklaryny hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Gurluşyk işleri bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şuşa şäherine ugrady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022