Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine garabag bedewini sowgat berdi

BT
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine garabag bedewini sowgat berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde garabag bedewlerini synlaýar. 2026-njy ýylyň 23-nji iýuny, Şuşa, Azerbaýjan (Surat: “AZERTAC”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Azerbaýjanyň medeni paýtagty hasaplanýan Şuşa şäherine bardy. Şäher bilen tanyşlygyň dowamynda Jydyr düzünde Türkmenistanyň Prezidentine belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde “garabag” tohumyndan bolan bedew sowgat berildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Şuşa şäherine gelenlerinden soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bu ýerde gurulýan täze ýaşaýyş toplumyna baryp gördüler. Şeýle hem döwlet Baştutanlary bina edilýän Şuşa metjidiniň gurluşygy bilen tanyşdylar.

Metjidiň gurluşygy bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanlary Geýdar Aliýewe hem-de Garabaga bagyşlanan surat sergisine we Şuşa şäheriniň taryhy-medeni merkezlerine baryp gördüler.

Şäher bilen tanyşlygyň dowamynda döwlet Baştutanlary Jydyr düzüne bardylar. Bu ýerde azerbaýjan atly ýigitleriniň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy we garabag atlary tanyşdyryldy. Soňra Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “garabag” tohumyndan bolan bedew sowgat berildi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň bellemegine görä, bu sowgat mizemez türkmen-azerbaýjan dostlugynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

2022