Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

BT
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gol çekilen resminamalaryň alyş-çalyş dabarasy, 2026-njy ýylyň 22-nji iýuny, Baku, Azerbaýjan (Surat: "AZERTAC")

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda harytlar barada deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleri hem-de özara söwdanyň gümrük statistikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnama bar.

Duşuşyklaryň netijesi boýunça tassyklanan Tehniki şertler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük edaralarynyň arasynda harytlar boýunça deslapky maglumatlary yzygiderli alyşmak mehanizmini döretmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa gümrük amallaryny çaltlandyrmaga, ýükleriň resmileşdiriliş möhletlerini azaltmaga hem-de daşary söwda amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Şeýle-de, taraplar özara söwdanyň gümrük statistikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnama gol çekdiler. Resminama statistiki maglumatlaryň alyş-çalşygyny kämilleşdirmäge we iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň has takyk hasaba alnyp barylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Habarda bellenilişi ýaly, gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi özara haryt dolanyşygynyň artmagyna, sebitiň üstaşyr mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagyna hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşar.

2022