Türkmen banky Türki maýa goýum gaznasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BT
Türkmen banky Türki maýa goýum gaznasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: tfeb.gov.tm)

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Türki maýa goýum gaznasynyň 23-nji iýunda Wena şäherinde geçirilen duşuşygynda maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy. Bu barada gaznanyň resmi X sosial sahypasynda habar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow 23-nji iýunda Wenada Türki maýa goýum gaznasynyň Prezidenti we direktorlar geňeşiniň başlygy Bagdad Amreýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitdäki maýa goýum meselelerini, söwda gatnaşyklaryny hem-de Merkezi Aziýa bilen Hazar sebitinde ulag arabaglanyşygyny ösdürmekde Türkmenistanyň ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.

Rahymberdi Jepbarow Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işi barada maglumat berdi. Şeýle hem banky halkara maliýe guramalary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin esasy döwlet maliýe edarasy hökmünde tanyşdyrdy. Türkmen tarapy Türki maýa goýum gaznasynyň alyp barýan işlerine gyzyklanma bildirip, gazna bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi.

Bagdad Amreýew türkmen tarapyny Türki maýa goýum gaznasynyň ygtyýarlyklary, gaznanyň soňky döwürde alyp barýan işleri hem-de halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygyny tanyşdyrdy. Şeýle hem ol maýa goýumlar, hususy pudagy ösdürmek we türki döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri boýunça alnyp barylýan dialogyň möhümdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar maslahatlary dowam etdirmek we edaralaryň ştab-kwartiralarynyň arasynda özara saparlary guramak barada ylalaşdylar.

2022