Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda medeniýet, ylym, bilim we sport ugurlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22–23-nji iýunda Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

















