“Gap Inşaat” Arkadag şäherindäki mekdebi döwrebaplaşdyrar we çagalar bagyny gurar

BT
“Gap Inşaat” Arkadag şäherindäki mekdebi döwrebaplaşdyrar we çagalar bagyny gurar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bilen “Gap Inşaat” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda Arkadag şäherindäki mekdebi döwrebaplaşdyrmak boýunça şertnama gol çekilýän pursady (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatyrym Diş Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Arkadag şäherinde mekdebi döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek barada şertnama gol çekildi. Gol çekmek dabarasy penşenbe güni gaznanyň ştab-kwartirasynda, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynda geçirildi.

Şertnama laýyklykda, Arkadag şäherindäki mekdep döwrebaplaşdyrylar we onuň durky täzelener. Şeýle hem onuň çäginde sport we bedenterbiýe toplumy hem-de 320 orunlyk çagalar bagy gurlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, taslama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu taslama çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegi, dünýägaraýşyny kämilleşdirmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022