Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň guramagynda “Ene-tebigat” atly halkara sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen penşenbe güni geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde halkara sergisiniň 19-njy oktýabryndan 30-njy noýabr aralygynda geçiriljekdigini we muňa häzirden taýýarlyk görülýändigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäräniň iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hem pikir alşyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew birek-birege alyp barýan döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.







32444-495x4352.jpeg)









