Türkmen-ukrain syýasy geňeşmelerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy

BT
Türkmen-ukrain syýasy geňeşmelerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri, Aşgabat, Türkmenistan, 2026-nji ýylyň 25-nji iýuny (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň DIM-inde penşenbe güni iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirilip, onda söwda-ykdysady hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ukrain wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko ýolbaşçylyk etdi. Taraplar syýasy-diplomatik we ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, taraplar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Geňeşmeleriň netijesinde taraplar özara bähbitli ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022