Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň guramagynda Kiýewde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i anna güni habar berdi.
Çärä Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Ukrainanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, alymlar, döredijilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çäre soňra, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň binasynda geçirilen resmi kabul edişlik bilen dowam etdi. Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew öz çykyşynda milli mirasy gorap saklamagyň we dünýäde wagyz etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryna esaslanýan syýasatyny durmuşa geçirýändigini aýtdy.
Ukraina tarapyndan hoşallyk sözi bilen Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň ugurlary boýunça Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekili çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine bolan gyzyklanmany tassyklady.
Çäräniň dowmynda türkmen diasporasynyň wekilleri şahyryň goşgularyny türkmen we ukrain dillerinde okadylar hem-de şahyryň eserleriniň esasynda taýýarlanan aýdym-saz çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki eserlerini we onuň durmuşyna bagyşlanan ylmy işlerini öz içine alýan kitap-sergi hem guraldy.








32444-495x4352.jpeg)








