Daşoguzyň pagta egriji fabriginde täze önümçilik işe giriziler

BT
Daşoguzyň pagta egriji fabriginde täze önümçilik işe giriziler
Daşoguz pagta egriji fabrigi (Surat: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi)

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler. Häzirki wagtda kärhananyň çäginde dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly dürli önümleri öndürmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde dokma senagatynda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, täze önümçilik importyň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmäge, içerki bazary olar bilen üpjün etmäge, pudagyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny we döwrebap kärhanalarda ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini belledi. Döwlet Baştutany Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçiligi işe girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022