Dünýä liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar

BT
Dünýä liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Dünýäniň birnäçe döwletleriniň Prezidentleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Gutlaglaryny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem-de Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý iberdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Migel Anhel Moratinos, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger hem-de Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy Allahşukur Paşazade gutladylar.

Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdiler.

2022