Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny şäheriň üç ýyllygy bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny şäheriň üç ýyllygy bilen gutlady
Arkadag şäheri, Ahal welaýaty, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny şäheriň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli gutlap, bu senäniň ýurduň syýasy-jemgyýetçilik we medeni durmuşynda möhüm waka bolup durýandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda Arkadag şäheriniň döwrebap binagärligi, milli aýratynlygy we kämil tehnologiýalary bilen dünýäde ykrar edilýändigini nygtady. Şeýle hem soňky üç ýylyň dowamynda şäher “akylly” şähergurluşyk maksatnamasy, innowasion mümkinçilikleri hem-de ekologiýa görkezijileri boýunça abraýly halkara güwänamalara we sylaglara mynasyp bolandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň gurulmagynyň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydygyny aýtdy. Şeýle hem ol şäherde “Arkadag şäherini 2024–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy bilen bilelikde guralan Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagynyň we şol ýerde Arkadag şäheriniň halk köpçüligine tanyşdyrylmagynyň döwrebap şäheriň halkara derejedäki abraýyny belende galdyrmakda möhüm waka bolandygyny belledi.

Döwlet Baştutany Arkadag şäheriniň haýyr-sahawat başlangyçlarynyň merkezine öwrülendigini hem belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleri, şeýle hem şäherde gurulýan metjide “Arkadagyň ruhy metjidi” adynyň dakylmagyny mysal getirdi.

Gutlagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022