Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň barşyna garaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklara ýokary baha berýär. Döwlet Baştutany “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamanyň milli himiýa senagatynyň önümleri bilen içerki bazary üpjün etmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berjekdigini nygtady.
Jong Won-ju bildirilen ynam we netijeli iş alyp barmak üçin döredilýän şertler üçin hoşallyk bildirip, kompaniýasy üçin Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň uly hormatdygyny aýtdy.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabat himiýa zawodynyň binýadynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň arasyndaky şertnama 2025-nji ýylyň maý aýynda gol çekildi. Türkmenabatdaky mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

















