Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy iýunda Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Işewürler duşuşygyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür we üstünlikleri arzuw etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentinden Milli Lidere öz gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şeýle hem ol Prezident Serdar Berdimuhamedowy we Milli Lideri Arkadag şäheriniň üç ýyllygy bilen gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşugynda türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny hem-de energetika, dokma senagaty we gurluşyk ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany “Çalyk Holdingiň” bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýandygyny, kompaniýanyň Türkmenistanda senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygyna gatnaşýandygyny belledi hem-de onuň geljekde-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwlet we sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Şol gün Prezident Serdar Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy hem kabul etdi. Habarda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňdebaryjy halkara kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýdyp, “Rönesans Holdingiň” bu ugurda möhüm hyzmatdaşlaryň biridigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda dowam edýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde kompaniýa Türkmenistanda iri senagat kärhanalarynyň, durmuş infrastruktura desgalarynyň hem-de energetika ulgamyna degişli birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi.
Duşuşyklaryň ahyrynda Ahmet Çalyk we Erman Ylyjak Türkmenistanda iş alyp barmak üçin döredilýän mümkinçilikler we bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, kompaniýalaryň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdylar.

















