Bütindünýä banky Türkmenistanyň suw hojalygy we ulag ulgamy boýunça ileri tutulýan taslamalaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady. Bu barada Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasy Daşkent şäherinde bankyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassaniniň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Merdanguly Pälwanow bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça X sosial sahypasynda habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Bütindünýä banky bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýän özara hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Bütindünýä banky ýurduň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda suw hojalygy we ulag infrastrukturasyna degişli taslamalary durmuşa geçirmekde goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşyk Antonella Bassaniniň ýolbaşçylygyndaky Bütindünýä bankynyň esaslandyryjy ýurtlarynyň “Şweýsariýa toparynyň” mejlisine gatnaşmak maksady bilen Özbegistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirildi.
Bütindünýä banky soňky aýlarda Merkezi Aziýadaky taslamalara berýän goldawyny artdyrýar. Iýun aýynda guramanyň Ýerine ýetiriji direktorlar geňeşi Demirgazyk Aral deňziniň ekoulgamyny dikeltmek taslamasyny maliýeleşdirmegi makullady. Şeýle hem maý aýynda sebitleýin elektrik energiýa bazaryny ösdürmäge gönükdirilen, bahasy 1 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan sebitleýin maksatnamanyň işe girizilendigini yglan etdi.

















