Hytaýdan Türkmenistanyň Balkan welaýatyna täze demir ýol ýük gatnawy ýola goýuldy

BT
Hytaýdan Türkmenistanyň Balkan welaýatyna täze demir ýol ýük gatnawy ýola goýuldy
Hytaýdan ugran ýük otlusy (Surat: CCTV)

Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň Sinin şäherinden Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky ýük terminalyna täze göni demir ýol gatnawy ýola goýuldy. Täze ugur Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu barada döwlet teleýaýlymy CCTV habar berdi.

Elektrik enjamlar, awtoulag şaýlary, egin-eşikler we gündelik sarp edilýän beýleki harytlar bilen ýüklenen 55 konteýnerden ybarat ilkinji ýük otlusy 28-nji iýunda ýola düşdi. Otlynyň Balkan welaýatyndaky ýük terminalyna 14–15 günüň dowamynda gelmegine garaşylýar.

Täze demir ýol ugry Hytaýyň Sinjiang sebitindäki Horgos serhet geçelgesinden we Gazagystanyň çäginden geçýär. Şeýlelikde, Sinhaý welaýaty Gazagystan we Özbegistan bilen bir hatarda Türkmenistan bilen hem göni demir ýol baglanyşygyny ýola goýdy.

Habarda bellenilmegine görä, täze ugur logistika çykdajylaryny azaltmaga we Merkezi Aziýa bazarlaryna eksport edilýän önümler üçin has durnukly ulag geçelgesini döretmäge mümkinçilik berer.

Täze gatnaw Hytaýyň Çendu şäherinden Türkmenistana açylan ýük demir ýol ugrundan soň ýola goýuldy. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky demir ýol logistika aragatnaşyklarynyň gerimi has hem giňeýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022