FIFA 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny 64 ýygynda çenli giňeltmekçi

BT
FIFA 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny 64 ýygynda çenli giňeltmekçi
Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino (Surat: fifa.com)

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty tamamlanandan soň, 2030-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndylaryň sanyny 64-e çenli artdyrmak mümkinçiligine garaljakdygyny aýtdy. Bu barada Janni Infantino "Blue Sport" portalyna beren interwýusynda mälim etdi.

Janni Infantinonyň bellemegine görä, 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek ulanylan 48 milli ýygyndyly format üstünlikli boldy hem-de has köp ýygynda ýaryşda öz mümkinçiliklerini görkezmäge şert döretdi.

FIFA-nyň ýolbaşçysy “Dünýä çempionaty tamamlanandan soň bu barada oýlanmaly bolarys” diýip ýaryşy mundan beýläk hem giňeltmek mümkinçiligini teswirledi.

Janni Infantino gatnaşyjy toparlaryň sanynyň artdyrylmagynyň dünýäniň dürli sebitlerinden milli ýygyndylara utuk gazanmaga we pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçilik berendigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu köp milli ýygyndylara dünýä çempionatyna gatnaşmaga mümkinçilik bermegiň möhümdigini tassyklaýar.

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda guraldy. Mundan ozal dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyrynda 32 milli ýygyndy çykyş edýärdi.

Häzirki wagtda 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty jemleýji tapgyry dowam edýär. Ýarym finalda 15-nji iýulda Fransiýanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndylary, 16-njy iýulda bolsa Angliýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylary duşuşar. Üçünji orun ugrundaky oýun 19-njy iýulda geçiriler, dünýä çempionatynyň final duşuşygy bolsa 20-nji iýulda bolar.

2022