Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Myhman Bahtiýor Saýidow duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Bahtiýor Saýidowyň şu saparynyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjakdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa +” formatynyň sebit dialogyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini nygtady.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçiriljekdigi bellenildi. Serdar Berdimuhamedow bu çäreleriň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, şeýle hem türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge itergi berjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryň strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda galýandygy nygtaldy. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Özbegistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowa berk jan saglyk, rowaçlyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

















