ÝB “Global Gateway”-iň çäklerinde Merkezi Aziýa maýa goýumlaryny dowam etdirer

BT
ÝB “Global Gateway”-iň çäklerinde Merkezi Aziýa maýa goýumlaryny dowam etdirer
Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri, Brýussel, 2026-njy ýylyň 14-nji iýuly (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Ýewropa Bileleşigi “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerinde Merkezi Aziýa maýa goýum goldawyny dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Bu mesele Brýusselde Ýewropanyň Daşary işler gullugynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileriniň ÝB-niň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen nobatdaky duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Duşuşyga Ýewropanyň Daşary hereketler gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Odronė Perkauskienė, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stiprais, Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş müdirliginiň direktory Peteris Ustubs hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri gatnaşdylar.

Taraplar ilkinji “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seredip, geljekki ädimleri kesgitlediler. Habarda bellenilşi ýaly, 2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Merkezi Aziýa, Gündogar hyzmatdaşlygy we Gara deňiz sebitiniň döwletleriniň gatnaşmagynda arabaglanyşyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça ministrler duşuşygy geçiriler. Ikinji “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” sammitiniň bolsa 2027-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar 23-nji iýunda Brýusselde işe girizilen Arabaglanyşyk boýunça gün tertibiniň platformasynyň Transhazar ulag geçelgesini ösdürmäge we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini bellediler. Häzirki döwürde ulag amallaryny sanlylaşdyrmak, gümrük dolandyryşyny kämilleşdirmek we administratiw päsgelçilikleri aradan aýyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi.

 “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerinde maýa goýum meýilnamalaryny dowam etdirmek duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu ugurda Ýewropa Maýa goýum bankynyň we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň gatnaşmagyndaky taslamalaryň hem dowam etdiriljekdigi bellenildi. Şeýle hem 2027-nji ýylyň 7–8-nji iýunynda Brýusselde geçiriljek “Global Gateway” forumyna taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ÝB bilen syýasy dialogy ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli işlerine oňyn baha berdi. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýol kartasyny taýýarlamak boýunça işi dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen ilçisi Sapar Pälwanow Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha amaly we netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belledi. Ol sammitleriň, ministrler derejesindäki duşuşyklaryň, bilermenler platformalarynyň we ikitaraplaýyn geňeşmeleriň anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen bitewi uzak möhletleýin işiň bölekleri hökmünde görülmelidigini aýtdy. Türkmen tarapy şeýle hem Arabaglanyşyk boýunça gün tertibiniň platformasynyň ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýetini we sebitdäki ulag ugurlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we sebitiň durnukly ösüşine gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

2022