2026 Dünýä Kubogy: täze gahrymanlar we uly rowaýatlaryň soňky sahnasy

BT
2026 Dünýä Kubogy: täze gahrymanlar we uly rowaýatlaryň soňky sahnasy
FIFA 2026 oýunlarynyň çäginde Angliýa we Argentinanyň arasyndaky oýundan pursat, 2026-njy ýylyň 15-nji iýuly, Atlanta, ABŞ (Surat: fifa.com)

FIFA-nyň futbol boýunça dünýä çempionaty dünýä sportynyň iň uly we iň abraýly ýaryşlarynyň biri hasaplanýar. 1930-njy ýylda Urugwaýda ilkinji gezek geçirilen bu ýaryş geçen bir asyra golaý wagtyň dowamynda diňe bir dünýäniň iň güýçli milli ýygyndylaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem futbol taryhynyň iň ýatda galyjy pursatlaryny we iň meşhur futbolçylaryny dünýä tanatdy. Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän dünýä çempionaty dürli ýurtlardan millionlarça futbol janköýerini bir ýere jemläp, sportuň adamlary birleşdirýän güýjüni ýene bir gezek görkezýär.

Dünýä çempionaty futbol taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran köp sanly ýyldyzlaryň ösüp ýetişen ýa-da iň uly üstünligini gazanan sahnasy boldy. Pele, Diego Maradona, Zinedin Zidan, Ronaldo Nazario, Ronaldinýo, Andres Iniesta, Lionel Messi we Kristiano Ronaldo ýaly futbolçylar diňe bir öz ýygyndylarynyň üstünliklerine goşant goşman, eýsem dünýä futbolynyň ösüşine hem uly täsir ýetirdiler. Olaryň çykyşlary dürli nesiller üçin futbolyň gözelligini görkezýän nusga bolup galdy.

Soňky ýyllarda bolsa dünýä futboly täze tapgyra gadam basdy.Tejribeli ýyldyzlar kem-kemden halkara arenasyndaky ýoluny tamamlaýan mahaly, ýaş futbolçylar öňe çykyp başlady. Şol sebäpli 2026 FIFA Dünýä Kubogy diňe bir täze çempiony kesgitleýän ýaryş däl, eýsem futbolyň täze nesliniň özüni görkezýän möhüm synagy hökmünde hem uly gyzyklanma döredýär.

Bu gezekki dünýä çempionaty ýene bir aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ilkinji gezek ýaryşa 48 milli ýygyndy gatnaşýar. Giňeldilen format dünýäniň dürli sebitlerinden has köp ýygynda öz mümkinçiligini görkezmäge şert döretdi. Şeýle hem duşuşyklaryň sanynyň artmagy bilen ýaryşyň bäsdeşligi has-da güýçlendi. Bu üýtgeşme käbir hünärmenleriň pikirine görä, dünýä futbolynyň has giň gerimde ösmegine ýardam eder, käbirleri bolsa köp oýnuň futbolçylaryň fiziki ýagdaýyna täsir edip biljekdigini belleýärler.

Toparlaýyn tapgyrdan başlap, dünýä çempionaty garaşylmadyk netijeleri we çekeleşikli duşuşyklary bilen ýatda galdy. Adatça dünýä çempionatlarynda bolşy ýaly, bu gezek hem diňe bir öňdebaryjy toparlar däl, eýsem futbol äleminde uly güýç hasaplanmaýan ýygyndylar hem öz mümkinçiliklerini görkezmegi başardylar. Bu ýagdaý häzirki zaman futbolynda toparlaryň arasyndaky tapawudyň ýylsaýyn azalýandygyny ýene bir gezek subut etdi.

Pleý-off tapgyryndan başlap, 2026 FIFA Dünýä Kubogyndaky bäsdeşlik has-da ýitileşdi. Esasan hem ýarym final duşuşyklary futbol janköýerleriniň uly gyzyklanmasyny döretdi. Ispaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky oýun häzirki zaman Ýewropa futbolynyň iki dürli oýun stiliniň garşylaşygyna öwrüldi. Ispaniýa topa gözegçilik etmäge we oýnuň depginini dolandyrmaga esaslanýan futboly saýlasa, Fransiýa tiz garşylyklaýyn hüjümlerine, fiziki taýýarlygyna we aýratyn ussat futbolçylaryna bil baglady. Ýöne duşuşygyň dowamynda toparlaýyn sazlaşygy we taktiki tertibi has ýokary bolan Ispaniýa 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, finala ilkinji bolup çykdy.

Bu oýun häzirki zaman futbolynda netijäni diňe bir aýratyn ýyldyzlaryň däl, eýsem tutuş toparyň sazlaşykly oýnunyň çözýändigini ýene bir gezek görkezdi. Fransiýanyň hüjümde howply pursatlar döretmäge synanyşandygyna garamazdan, Ispaniýanyň berk goragy we oýny dolandyrmak ukyby garşydaşyna mümkinçilik bermedi. Netijede, ispan ýygyndysy diňe bir finala çykmak bilen çäklenmän, eýsem çempionlyga dalaşgärdigini hem ynamly subut etdi.

Ýarym finalyň beýleki duşuşygy bolsa Angliýa bilen Argentinanyň arasynda geçirildi. Dünýä futbolynyň iň meşhur garşydaşlyklarynyň biri hasaplanýan bu oýun nobatdaky gezek ýokary depginde we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Angliýanyň ýaş futbolçylary ýokary tizlik we işjeňlik bilen tapawutlansa, Argentina öz tejribesine, oýnuň depginini dolandyrmak ukybyna hem-de aýgytly pursatlardan peýdalanmaga bil baglady. Netijede, 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan Argentina yzly-yzyna ikinji gezek dünýä çempionatynyň finalyna çykmagy başardy.

Ispaniýa bilen Argentinanyň finala çykmagy tötänden däldi. Iki ýygyndy hem ýaryşyň dowamynda diňe bir aýratyn futbolçylarynyň ussatlygy bilen däl, eýsem toparlaýyn sazlaşygy, taktiki çeýeligi we aýgytly duşuşyklarda durnukly oýun görkezmegi bilen tapawutlandy. Şol sebäpli bu toparlaryň finala çykmagy häzirki dünýä futbolynyň ösüş ugurlaryny-da aýdyň görkezýär.

2026-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ýaş futbolçylaryň ynamly çykyş etmegidir. Soňky ýyllarda ady giňden tanalyp başlan Lamin Ýamal, Jud Bellingem, Jamal Musiala, Erling Haaland ýaly futbolçylar dünýä futbolynyň täze ýüzleri hökmünde çykyş edýärler. Olar diňe bir öz ýaşyna görä ýokary derejeli oýun görkezmek bilen çäklenmän, eýsem toparlarynyň iň jogapkärli duşuşyklarynda-da esasy orun eýelemegi başarýarlar. Bu ýagdaý ýakyn ýyllarda dünýä futbolynyň täze ýyldyzlarynyň hut şu nesilden çykjakdygyny görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde tejribeli futbolçylar hem öz ähmiýetini ýitirenok. Lionel Messi, Kristiano Ronaldo, Neýmar ýaly futbolçylaryň halkara futbolyndaky orny aýratyn bolmagynda galýar. Olaryň baý tejribesi, oýna bolan düşünjesi we liderlik ukyby ýaş futbolçylar üçin möhüm görelde bolup hyzmat edýär. Şol sebäpli 2026 FIFA Dünýä Kubogy futbolyň iki nesliniň — köp ýyllap dünýä futbolynda öňdebaryjy bolan ýyldyzlar bilen täze nesliň — bir ýaryşda duşuşýan özboluşly tapgyry hökmünde hem ýatda galýar.

Dünýä Kubogy diýlende köplenç Messi, Mbappe ýa-da Ýamal ýaly dünýä ýyldyzlary ýada düşýär. Emma her turnirde öň känbir tanalmaýan futbolçylar ajaýyp çykyşlary bilen janköýerleriň ünsüni özüne çekmegi başarýar. 2026 Dünýä Kubogy hem bu däbi dowam etdirdi.

Kabo-Werdäniň milli ýygyndysynyň 40 ýaşly derwezewany Vozinha ýaryşyň dowamynda güýçli garşydaşlara garşy eden täsirli halas edişleri bilen toparyny birnäçe gezek kyn ýagdaýdan çykmagyna we Kabo-Werdäniň taryhynda ilkinji gezek 1/8 finala çykmagyna uly goşant goşdy. Şeýlelikde 40 ýaşly derwezewan Liderlik ukyby bilen ol turnuriň janköýerleriniň söýgüsini gazanan we iň köp gürrüňi edilen derweziçileriň birine öwrüldi.

Şeýle hem Kabo-Werdä milli ýygyndysynyň goragynda çykyş eden, we Irlandiýanyň döwlet bankynda işleýän wagty hem professional futbol bilen meşgullanan Roberto Pico Lopes Dünýä Kubogynda toparynyň goragynyň esasy diregleriniň biri bolup, ol sowukganly oýny, göreşijiligi we tejribesi bilen toparynyň taryhy üstünligine uly goşant goşdy. Turnirden soň ol hem janköýerleriň arasynda iň köp gürrüňi edilen edilen türgenleriň ahataryna girdi. Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe meşhur klublary oňa uly gyzyklanmalary bildirýärler.

2026 Dünýä Kubogy diňe dünýä ýyldyzlarynyň däl, eýsem garaşylmadyk futbolçylaryň hem özüni görkezýän sahnasy boldy. Wozinýa, Ýohan Manzambi, Ýan

Diomande ýaly ajaýyp çykyşlary bilen millionlarça futbol janköýeriniň söýgüsini gazanyp, karýeralarynda täze sahypa açdy.

Bu dünýä çempionaty ýene bir möhüm hakykaty görkezdi. Häzirki wagtda futbol diňe bir aýratyn ussat futbolçylaryň oýny däl. Maglumat seljermesi, fiziki taýýarlyk, taktiki çeýeligi, ätiýaçdaky futbolçylaryň derejesi we tälimçiniň oýna täsir edip bilýän çözgütleri netijäniň esasy şertleriniň birine öwrüldi. Şol sebäpli häzirki dünýä çempionatynda öňdebaryjy hasaplanýan toparlaryň hem ýeňil garşydaşynyň ýokdugy aýdyň görünýär.

Indi bolsa ähli üns final duşuşygyna gönükdirildi. Final diňe bir dünýä çempionyny kesgitlejek oýun bolman, eýsem häzirki zaman futbolynyň haýsy oýun stiliniň has netijeli bolýandygyny görkezýän möhüm synag hem bolar. Futbolda öňünden anyk çaklama etmek kyn bolsa-da, şu güne çenli geçirilen duşuşyklar dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçýändigini we janköýerlere ýatda galyjak pursatlary peşgeş berendigini görkezýär.

2026 FIFA Dünýä Kubogy eýýäm futbol taryhynda öz ornuny tapdy. Täze formatyň üstünlikli synagdan geçirilmegi, ýaş futbolçylaryň ynamly çykyşlary, tejribeli ýyldyzlaryň ýene-de ýokary derejeli oýun görkezmegi we pleý-off duşuşyklaryndaky güýçli bäsdeşlik bu ýaryşyň esasy aýratynlyklary boldy. Dünýä çempionaty tamamlanandan soň hem bu ýaryş diňe bir netijeleri bilen däl, eýsem dünýä futbolynyň geljekki ösüş ugruna täsir eden çempionatlaryň biri hökmünde ýatlanar.

2022