Türkmenistanyň Prezidenti Tbiliside türkmen önümleriniň sergisine baryp gördi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Tbiliside türkmen önümleriniň sergisine baryp gördi
“Ekspo Georgia” sergiler merkezinde geçirilen Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi, 2026-njy ýylyň 16-njy iýuly, Tbilisi, Gruziýa (Surat: "Türkmenistan" gazeti)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Tbilisi şäherindäki “Ekspo Georgia” sergiler merkezinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşdy we ol ýerde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň maksady özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň anyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Maslahat Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Gruziýanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Sergi 592 inedördül metr meýdanda ýaýbaňlandyrylyp, onda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň 17-siniň, hususy kärhanalaryň hem-de telekeçileriň 42-siniň diwarlyklary ýerleşdirildi. Sergide “Türkmenistanda öndürilen” nyşanly azyk önümleri, dokma, himiýa we senagat harytlarynyň dürli görnüşleri sergilendi.

Serginiň çäklerinde senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, elektronika, öý hojalyk harytlary, dokma we azyk önümleri tanyşdyryldy. Pawilýonlarda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, döwlet maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de amala aşyrylýan iri taslamalaryň ähmiýeti şöhlelendirildi.

Serginiň aýratyn bölümleri söwda we azyk senagatynyň gazananlaryna, Dokma senagaty ministrliginiň önümlerine, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň hem-de telekeçileriň haly we haly önümlerine bagyşlandy. Şeýle hem myhmanlara halk senetçileriniň el işleri, milli lybaslar we şaý-sepler görkezildi.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Döwlet Baştutany forumyň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini belläp, Türkmenistanyň esasy ykdysady görkezijileri, maýa goýum kuwwaty we hususy pudak üçin döwlet tarapyndan döredilýän şertler barada durup geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynda gazanylan netijelere ünsi çekip, telekeçilige esaslanýan täzeçe gatnaşyklaryň zerurdygyny belledi. Ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlary, deňiz terminallaryny ösdürmek, harytlary we hyzmatlary üstaşyr geçirmek, senagat we oba hojalyk kooperasiýasy, gurluşyk, agrosenagat hem-de syýahatçylyk pudaklary bilelikde iş alyp barmak üçin geljegi uly ugurlar hökmünde görkezildi. Forumyň dowamynda gruzin tarapynyň käbir döwlet we hususy düzümleriniň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler.

2022